mürehet

mürehet
Bir zady hödürläp edilýän teklip, çagyryş.
∙ Özüniň mürehede ýakyn adamlarynyn işdäsini açdy. («Tokmak» žurnaly)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.
Meselem mürehet - mürehedi.
mürehet etmekTeklip etmek, çagyrmak, hödürlemek.
∙ Geleweriň-de geçeweriň! -- diýip mürehet etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Myraly, seniň bir sapar hem öýüňe mürehet edeniňe men miýesser gelmedim. (Myraly)
∙ Begenç başlygyň sowalyna jogap bermän ýylgyrdy, oňa mürehet etdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем сделать НИР

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»